Panasonic TYEP3D20E User Manual

Page 78

Advertising
background image

Г

АРАНТИЙНЫЙ

ТАЛОН

10

Türkmenistan üçin kepillendirişiň şertleri

Panasonic Corporation kompaniýasy Gazagystana,

Özbegistana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Türkmenistana

göýberilýän ähli önümlerine 3 (üç) ýyl öndüriji tarapyndan

kepillik berýär, bu kepillige: 1.Kiçi-ATS-ler; 2.Kopiya (nusga)

ediji tehnikalar; 3.Noutbuklar; 4.Howa kondisionerleri;

5.Wideoproyektorlar; 6.Elektroesbaplar degişli däl.

Şu kepillik taýýarlaýjy tarapyndan sarp edijileriň

konstitusion we beýleki düzgünlerine goşmaça hökmünde

beriýär hem-de hiç haçan olary çäklendirmeýär.

Şu kepillik eger-de haryt şu aşakdaky şertler berjaý edilende

serişdeler ýa-da ýygnalma sebäpli näsaz diýip ykrar edilse:

1. Haryt diňe Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan,

Täjigistan we Türkmenistan ýurtlarynyň çäklerinde satyn

alynmalydyr hem-de ulanmak boýunça gözükdirijilere

berk degişlilikde we tehniki ülňülerinden we/ýa-

da howpsuzlyk talaplaryndan peýdalanmak arkaly

ulanylmalydyr. Modeliň resmiligi we kepillik möhleti

http://service.panasonic.ru sahypasynda barlanylýar.

2. Şu kepillik haçan-da zeper ýetme ýa-da näsazlyk

ýangyn, ýyldyrym ýa-da beýleki tebigy hadysalar;

mehaniki zeper ýetme; nädogry ulanyş, şol sanda

ulanyş boýunça gözükdirijide agzalanlardan

tapawutlylykda sarp ediş çeşmelerine birikdirme;

çendenaşa güýjenme netijesinde ulanyşdan çykmak;

könelme; sowuk-sala garaýyş, şol sanda önüme

keseki zatlaryň we mör-möjekleriň düşmegi zerarly;

abatlaýyş ýa-da sazlaýyş zerarly, eger-de ol şular

ýaly hyzmatlary etmek üçin şahadatnamasy bolmadyk

adam tarapyndan edilen bolsa, şeýle hem tehniki

şertleriň we/ýa-da howpsuzlyk talaplarynyň bozulmagy

bilen oturtmaklyk, uýgunlaşma, üýtgetme ýa-da ulanyş

zerarly ýüze çykan halatlarda hakyky däldir.

3. Eger-de kepillik möhletiniň dowamynda harydyň bölegi

ýa-da bölekleri taýýarlaýjy tarapyndan iberilmedik ýa-

da sanksionirlenen, şeýle hem kanagatlanarsyz hilli

we haryt üçin degişli däl bölek ýa-da bölekler bilen

çalşyrylan bolsa, onda sarp ediji şu kepilligiň ähli

islendik hukuklaryny, şol sanda öwez dolunmasy üçin

hukugy ýitirýär.

4. Şu kepilligiň hereket edişi maksatnamalaýyn üpjünçilik,

bezeg we korpus şaýlaryna, çyralara, batareýlere

hem-de akkumulýatorlara, ses aýryjynyň iňňelerine

antenlere we birikdiriji kabellere, gorag ekranlara, zir-

zibil toplaýjylara, torlara hem-de pyçaklara, fi ltrlere,

çotgalara, kartrijlere we çäkli ulanyş möhleti bolan

beýleki şaýlara degişli däldir.

Oturtmak we birikdirmek

Satyn alnan enjamlary oturtmak üçin Siz ygtyýarly

guramalaryň we hyzmat ediş merkezleriň tölegli

hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz, olar enjamlaryň

kadaly ulanylyşy üçin ähli zerur bolan işleri geçirerler.

Şu kepillik boýunça borçlar 1-nji bentde agzalan

ýurtlaryň çäklerinde ygtyýarly guramalar we hyzmat

ediş merkezler tarapyndan ýerine ýetirilýär, olaryň

sanawyny Panasonic Maglumat beriş Merkezinden +7

(727) 298-09-09 telefon arkaly ýa-da

http://service.panasonic.ru Internet-sahypasyndan

alyp boljak.

Aksesuarlar we sarp ediş materiallar baradaky

maglumatlary http://panasoniceplaza.ru alyp bilersiňiz

Bejerişiň gidişi baradaky maglumatlar „Bejerişleriň Habar

Ulgamynda“ http://service.panasonic.ru/RepairSystem

görkezilendir

Advertising